Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

SalamNews

16 Ýanwar, 2024

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynýar.

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna:

— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arzasyny;

— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw

mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänamasyny;

— şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Maglumat hökmünde bellesek, aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 25-nji martyna çenli geçirilýär.

Aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews