Özbegistan Respublikasynyň ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

SalamNews

1

15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow bilen duşuşdy.

Dostluk we konstruktiw häsiýete eýe bolan gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm sebitiniň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu duşuşykda Horezm sebiti bilen Daşoguz welaýatynyň arasynda döredilen serhetara erkin söwda zolagynyň Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady ösüşe hem-de iki ýurduň ilatynyň abadançylygyny we dostlukly gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilelikde täze maksatnamalary alyp barmak bilen bagly geleşikleri kabul etmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada ylalaşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews