Marydaky «TechYouth Bootcamp»-yň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy

SalamNews

Häzirki zaman hünärleri ösdürmek maksady bilen USAID-yň taslamasy «Akylly Hyzmat» jemgyýetçilik okuw merkezi bilen bilelikde geçirýän «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutma arzalar kabul edilip başlandy.

Maksatnamanyň çäginde aşakdaky ugurlarda alty aýlyk mugt kurslar guralar we geçiriler:

  • IT ulgamlaryna hyzmat etmek we dolandyrmak;

  • Grafiki dizaýn.

USAID-yň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy ýaş IT hünärmenlerini taýýarlamaga gönükdirilen we «bootcamp» görnüşinde içgin «dolulygyna öwrenmek» kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy wezipesi ýaşlara hünär öwretmek we üstünlikli iş tapmaga itergi bermekden ybaratdyr.

Aşgabatda bu maksatnama 2022-nji ýylyň dekabryndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli aralykda, Maryda 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli üstünlikli durmuşa geçirildi we häzirki wagtda şu ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenabatda ýola goýulýar.

Okuw döwri 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli dowam eder. Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Maksatnama gatnaşmak üçin şu baglanyşyk arkaly 2024-nji ýylyň 19-njy apreline, sagat 14:00-a çenli hasaba alyş kagyzyny dolduryp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews