«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden dikeltmegi goldaýar

SalamNews

2

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmila Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «Demirýollary» AGPJ-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çeşmäniň bellemegine görä, «RDÝ-niň» wekili Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda žurnalistiň agzalan ugur boýunça gatwany täzeden ýola goýmak baradaky beren sowalyna «Men diňe şonuň tarapdary» diýip, jogap berdi.

Lýudmilla Renne çäräniň ýokary guramaçylygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallygyny beýan etdi.

«Türkmenistanyň DÝHG örän işjeň goşulyşýandygyny we şertnamalara hem-de ylalaşyklara gatnaşmakda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek isleýärin» — diýip, L.Renne belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews