Türkmenleriň milli aşhanasynyň aýratynlyklary «Магия вкуса» telegepleşiginde görkeziler

SalamNews

15 Maý, 2024

Russiýanyň «Meniň planetam» teleýaýlymynda görkezilýän «Магия вкуса» (Tagamyň jadysy) telegepleşigi Türkmenistanda surata düşürilýär.

Programmanyň alyp baryjysy Anton Zaýsewiň ýolbaşçylygyndaky topar eýýäm Ahal welaýatynda aşhana medeniýetiň ösen ýerlerine baryp gördi. Topar Nohurda boldy, Mary welaýatynyň Mary şäherine aýlandy.

Öňde — Balkan welaýaty. Bekre balygyndan taýýarlanan türkmen palawyndan we beýleki tagamlardan dadyp görmek üçin kenarýaka welaýatymyza aşhana syýahaty başlanýar.

Türkmen aşhanasy özboluşly tagamy we her dürli tagam aýratynlyklary bilen tapawutlanýan naharlary bilen meşhurdyr. Türkmen aşpezleri halkyň asyrlara uzaýan aşpezlik däplerini milli eşiklerinde taýýarlan ajaýyp tagamlarynda görkezýärler, töwerekde bolsa taryhyň we medeniýetiň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

Telegepleşigi surata düşürýän toparyň türkmen milli aşhanasynyň aýratynlyklary bilen birlikde halkymyzyň myhmansöýerligini aýratyn belläp geçmegi geň däldir. Milli tagamlar taýýarlanyş usullary, şol bir wagtda bolsa berekedi bilen telegepleşigi alyp baryjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Myhmanlara hödürlenýän tagamlaryň arasynda gowurdak (ýagda bişirilen et), işlekli (etli petir), gazanlama (gyzgyn kömürde bişirilen et) we elbetde dograma we ýarma bar. Şeýle hem, telegepleşigi düşürýän topar türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, urp-adatlary bilen tanyşdy.

Türkmen milli aşhanasynyň aýratynlyklary baradaky gepleşik ýakyn wagtda «Meniň planetam» teleýaýlymynda görkeziler. «Tagamyň jadysy» («Магия вкуса») telegepleşiginiň täze bölümleri her çarşenbe güni çykýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews