Aşgabadyň halkara howa menziliniň resmi saýty döwrebaplaşdyrylar

SalamNews

15 Maý, 2024

1

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menzili www.ashgabatairport.gov.tm resmi web saýtyny we ykjam telefondaky goşundysyny döwrebaplaşdyrmak we täzelikleri girizmek, şeýle hem ýokary derejeli maglumatlary, şol sanda onuň tehniki goraglylygynyň ýokary derejesini gazanmak üçin potratçy tarapy saýlamak üçin tender yglan edýär.

Ähli gyzyklanýan taraplar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziline şu salgy boýunça ýüz tutmaga çagyrylýar:

744008, Aşgabat şäheri, Aşgabat Halkara howa menzili; telefon belgileri: +993 12 37-83-70; faks: +993 12 23-48-27;

1000 (müň) manat töläp (goşulan baha üçin salgydyny we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) tender resminamalarynyň bukjasyny alyň!

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bildirişden soňky 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews