NBA-nyň taryhyndaky 4-nji basketbolçy

SalamNews

5 Aprel, 2024

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da adaty möwsüm tamamlanyp barýar. «Los Anjeles Klippers» öz meýdançasynda «Denwer Naggetsi» 102:100 hasap bilen ýeňmegi başardy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň ýyldyzy Jeýms Harden 20 utuk, 8 asist, 6 ribaund görkezijiler bilen çykyş etdi. Şunlukda, Jeýms Harden NBA-nyň taryhynda 25 müň utuk, 6 müň ribaund hem-de 7 müň asist görkezijilerini geçmegi başaran 4-nji basketbolçy hökmünde hasaba alyndy. Hardenden öň Rassell Westbruk, Oskar Robertson hem-de LeBron Jeýms bu görkezijilere ýetipdi.

Duşuşykda soňky çempion «Denwer Naggetsiň» super ýyldyzy Nikola Ýokiç 36 utuk, 17 ribaund hem-de 10 asist görkezijiler bilen çykyş etse-de, onuň «triple-double» netijesi ýeňşe ýetmedi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews