NBA-da adaty möwsüm tamamlandy, pleý-off we pleý-in tapgyrynda duşuşjak belli belli boldy

SalamNews

16 Aprel, 2024

1

ABŞ-nyň Milli basketbol ligasy NBA-da adaty möwsüm tamamlanyp, pleý-off tapgyryna çykanlar hem-de pleý-in oýunlarynda duşuşjak toparlar belli boldy.

82 duşuşykda iň köp ýeňiş gazanan topar Gündogar Konferensiýanyň lideri «Boston Seltiks» bolup, olar 64 oýunda garşydaşlaryndan üstün çykdy. Gündogar Konferensiýada «Nýu Ýork Niks» 2-nji, «Milwaki Baks» 3-nji, «Kliwlend Kawaliers» 4-nji ýeri eýeledi. «Orlando Mejigiň» 5-nji bolan sanawynda «Indiana Peýsers» 6-njy orna mynasyp boldy. Ady agzalan bu toparlar pleý-offda çykyş etmäge hukuk gazandylar. 7-8-9-10-njy orny eýelän «Filadelfiýa 76ers» 8-nji bolan «Maýami Hit» bilen, 9-njy ýerdäki «Çikago Bulls» bolsa 10-njy orundaky «Atlanta Hawks» bilen Gündogar Konferensiýasynda pleý-offa gatnaşjak soňky 2 topary kesgitlemek üçin pleý-in duşuşyklaryny geçirerler.

Günbatar Konferensiýada-da 57 oýunda ýeňiş gazanan «Oklahoma Siti Tander» bilen soňky çempion «Denwer Naggets» 1-2-nji orunlary paýlaşdylar. «Minnesota Timberwolwes» 3-nji, «Los Anjeles Klippers» 4-nji, «Dallas Maweriks» 5-nji, soňky duşuşygynda «Minnesotany» 125:106 hasap bilen ýeňen «Finiks Sans» 6-njy ýeri eýeläp, pleý-off tapgyryna gatnaşjak toparlar boldular. 7-8-nji ýeri eýelän «Nýu Orleans Pelikans» bilen «Los Anjeles Leýkers» hem-de 9-njy ýerdäki «Sakramento Kings» bilen «Golden Steýt Warriors» toparlary pleý-in tapgyrynda özara duşuşarlar.

Pleý-in duşuşyklary 17-20-nji aprel aralygynda geçiriler. Pleý-off tapgyrynyň duşuşyklaryna 21-nji aprelde badalga berler. Pleý-off tapgyrynda ilkinji bolup 4 duşuşykda ýeňiş gazanan toparlar nobatdaky tapgyra çykar.

PLEÝ-IN

Günbatar Konferensiýasy

«Sakramento Kings» (9) – «Golden Steýt Warriors» (10)

«Nýu Orleans Pelikans» (7) – «Los Anjeles Leýkers» (8)

Gündogar Konferensiýasy

«Çikago Bulls» (9) – «Atlanta Hawks» (10)

«Filadelfiýa 76ers» (7) – «Maýami Hit» (8)

PLEÝ-OFF

Günbatar Konferensiýasy

«Oklahoma Siti Tander» (1) – 8-nji orny eýelejek topar

«Los Angeles Klippers» (4) – «Dallas Maweriks» (5)

«Minnesota Timberwolwes» (3) – «Finiks Sans» (6)

«Denwer Naggets» (2) – 7-nji orny eýelejek topar

Gündogar Konferensiýasy

«Boston Seltiks» (1) – 8-nji orny eýelejek topar

«Kliwlend Kawaliers» (4) – «Orlando Mejik» (5)

«Milwaki Baks» (3) – «Indiana Peýsers» (6)

«Nýu Ýork Niks» (2) – 7-nji ýeri eýelejek topar

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews