Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

SalamNews

14 Iyul, 2023

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy.

Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastogynda ses berip bilerler.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 13-nji iýulyndan başlandy.

Öňünden ses bermek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň 1-nji saýlaw uçastogynda sagat 09:00-dan 14:00-a çenli geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 23-nji iýulda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews