Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Parižde konsert berer

SalamNews

15 Aprel, 2024

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Parižde çykyş eder. Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekiliniň habar bermegine görä, konsert 24-nji aprelde ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş edarasynda bolar.

Orkestr türkmen nusgawy eserlerini, tans toparlary bolsa küştdepdi tansyny ýerine ýetirer. Mundan başga-da, 22-nji aprelden 26-njy aprel aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş edarasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergi açylar.

Sergide şahyryň şygyrlar ýygyndylary görkeziler. Myhmanlar türkmen halkynyň bezeg we amaly sungaty, halylary, şaý-sepleri, milli eşikleri we saz gurallary bilen tanşarlar. Serginiň açylyş dabarasynyň çäginde türkmen milli eşikleriniň sergisi hem bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews