«Arkadag» toparynyň ýaşlar düzümi ýaryş tertibiniň başyny çekýär

SalamNews

13 Aprel, 2024

1

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň ýedinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýaryş tertibiniň başyny çekip gelýän «Arkadag II» topary myhmançylykda «Energetik II» toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.  Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň topary bu tapgyrdan soň utuklaryny 16-a ýetirip, ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Altyn Asyr II» topary myhmançylykda «Köpetdagyň» ýaşlar düzümi (1:1), «Merw II» öz meýdanynda «Şagadam II» topary (3:3), «Aşgabat II» bolsa «Nebitçi II» bilen (0:0) deňme-deň oýnadylar.

7-nji tapgyryň duşuşyklary:

  •  «Aşgabat II» – «Nebitçi II» – 0:0

  • «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» – 1:1

  • «Energetik II» – «Arkadag II» – 1:5

  •  «Merw II» – «Şagadam II» – 3:3

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda guralýan ýurdumyzyň birinjiliginiň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 16-njy aprelde geçiriler: «Ahal-II» – «Aşgabat-II», «Nebitçi-II» – «Köpetdag-II», «Arkadag-II» – «Merw-II», «Altyn Asyr-II» – «Energetik-II».

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews