Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe gatnaşmaga çagyrýar

SalamNews

15 Aprel, 2024

1

2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Bu çärede uniwersitetde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, hünärleri, okuwlaryň gurnalyşy we uniwersitetde ýokary hünär bilimini almagyň artykmaçlyklary bilen tanşarlar we dalaşgärlere uniwersitetiň ýolbaşçylary, mugallymlary bilen duşuşmaga mümkinçilikler dörediler.

«Açyk gapylar» gününde myhmanlara uniwersitetiň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, sergiler, göreldeli sapaklar, zehin bäsleşikleri we beýleki ylym-bilim bilen bagly gyzykly çäreler guralar. Mundan başga-da, dalaşgärler uniwersitetiň bilim, ylym babatynda mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurt dilinde ýokary hünär bilimini almagyň aýratynlyklary we uniwersitetiň onlaýn platformalary, iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw we kompýuter otaglary bilen giňişleýin tanşyp bilerler.

Myhmanlar talyplaryň okuwdan daşary ylmy gurnaklara, ylmy kitaphanalara, sport we medeni-köpçülik çärelere işjeň gatnaşyp, özleriniň boş wagtlaryny ylma, bilime we döredijilik bilen meşgullanmaga sarp edýändiklerine göz ýetirerler, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinden gelip okaýan ýaşlarymyzyň döwrebap umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky gyzykly talyp durmuşy bilen tanşarlar.

Çäre 14:00-da başlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews