Meşhur rep aýdymçysy Eminem söýgüli gyzyny durmuşa çykardy

SalamNews

11 Iýun, 2024

3

Eminemiň ýeke-täk we söýgüli gyzy Heýli Jeýd Skott durmuşa çykdy.

Heýli kollejde okaýan wagtyndan bäri halaşyp ýören ýigidi Ewan bilen durmuş gurýar. Olaryň adaglanmak dabarasy maý aýynda bolup geçipdir. Heýliniň sosial ulgamlarda ýerleşdiren suratlarynda kakasynyň görünmeýändigi hakykat, ýöne söýgüli melikesiniň durmuşynda şeýle möhüm güni ol sypdyryp bilermi? Elbetde ýok. Eminem gyzyny toý sahnasyna eltdi we onuň bilen tans etdi.

Dogrusy, Eminem 20-den gowrak aýdymynda gyzynyň adyny getirýärdi. Şol aýdymlarda Eminem gyzynyň özi üçin nähili möhümdigini boýun alýar. «Dads Cone Crazy» atly aýdymy bolsa Heýli kakasy bilen bilelikde ýerine ýetirýär.

Şeýle hem, repçi Eminem gyzy Heýliniň ejesine bolan duýgularyny beýan edýär. Heýli — Eminemiň ýekeje gyzy. Ol gyzy üçin doly derejede kaka bolup bilmändigine garamazdan, bu dabaraly gün gyzynyň ýanynda boldy we oňa näderejede mätäçdigini görkezdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews