Meşhur basketbolçy karýerasyny tamamlady

SalamNews

3 Aprel, 2024

2

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da birnäçe klubda çykyş eden meşhur basketbolçy Ražon Rondo karýerasyny tamamlady. 38 ýaşyndy ýyldyz oýunçy mundan soň wagtyny öz maşgalasy, çagalary bilen has köp geçirmek üçin professional basketbola soňky nokady goýýandygyny habar berdi. Rondo 16 ýyllyk NBA karýerasynda «Boston Seltiks», «Dallas Maweriks», «Sakramento Kings», «Çikago Bulls», «Nýu Orleans Pelikans», «Los Anjeles Leýkers», «Atlanta Hawks», «Los Anjeles Klippers» we soňky gezegem «Kliwlend Kawaliers» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi.

4 gezek «All Star»-a saýlanan oýunçy 2008-nji ýylda «Boston Seltiksde», 2020-nji ýylda-da «Los Anjeles Leýkersde» NBA-nyň çempionlygyny gazandy. Ol 4 gezek iň gowy gorag 5-ligine saýlanyp, 3 gezek hem iň köp asist eden basketbolçy boldy.

Ol adaty möwsümde 957 duşuşykda ortaça 9,8 utuk, 7,9 asist, 4,5 ribaund, 1,6 top çilmek görkezijileri bilen çykyş etdi. Ol 7 müň 584 asist edip, NBA-nyň taryhynda iň köp asist edenleriň sanawynda 15-nji orny eýeleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews