«Mançester Sitimi» ýa-da «Real Madrid»?!

SalamNews

17 Aprel, 2024

1

UEFA Çempionlar soňky 2 ýarym finalçy hem şu gün belli bolar. 1-nji duşuşyklary deňme-deň tamamlanan oýunlaryň jogap duşuşyklarynda soňky çempion «Mançester Siti» öz meýdançasynda «Real Madridi», «Bawariýa» bolsa «Arsenaly» kabul eder. Duşuşyklaryň ikisi hem 00:00-da başlanar. Şu gijeki duşuşyklarda ýeňiş gazanan toparlaryň ýarym finalda özara duşuşjakdygyny belläliň.

«Etihad» stadionynda oýnaljak «Mançester Siti» – «Real Madrid» duşuşygynda italiýaly Daniel Orsato jürlewük çalar. Madriddäki duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Duşuşykda haýsy topar ýeňiş gazansa, şol hem ýoluny dowam eder. Bassyr 3-nji möwsümde gabatlaşýan toparlaryň soňky duşuşyklarynda «Mançester Siti», ondan öňki möwsümde bolsa «Real Madrid» ýeňiş gazanypdy. Soňlugy bilen ilki «Real Madrid», geçen möwsümde bolsa «Mançester Siti» çempion bolupdy. Duşuşyga «Mançester Sitiniň» şol esasy düzüminde çykmagyna garaşylýar. «Real Madridde» Tçuameniniň jerimesi bolup, ol bu oýny goýbermeli bolar. Ispan toparynda Bellingam, Kamawinga, Winisius Junior dagy sary kart alsa, olar ýarym finala çykan ýagdaýynda jerimeli bolarlar.

Londondan deňme-deňlik bilen dolanan «Bawariýa» 13 ýyldan soň bir möwsümi kuboksyz tamamlamagyň bosagasynda dur. Mýunhenlileriň şu möwsümde galan ýeke-täk çempionlyk gazanmak mümkinçiligi bolan Çempionlar Ligasynda ýarym finala çykmak üçin elde baryny gaýgyrmasalar gerek. Soňky 2 duşuşykda «Arsenaly» öz meýdançasynda 5-1 hasaplar bilen ýeňen «Bawariýa» Mýunhende diňe 2013-nji ýylda londonlylardan 2-0 asgyn gelipdi.

Niderlandlardan Danni Makkelieniň eminlik etjek oýnunda ýeňiş gazanan topar ýarym finala çykar. Duşuşykda «Bawariýadan» Antoni Dewis sary kart jerimesi sebäpli oýnap bilmez. «Arsenalda» bolsa ýyldyz oýunçy Edegoryň şikesi bolup, onuň oýnap-oýnamajakdygy duşuşygyň öňüsyrasynda kesgitlener.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews