«Mançester Siti» çempionlygyň bosagasynda

SalamNews

15 Maý, 2024

Angliýanyň çempionaty «Premier Ligadaky» çempionlygy kesgitleýän oýunda «Mançester Siti» ýeňiş gazandy. 34-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda «Mançester Siti» topary myhmançylykda «Tottenham» toparyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. Gollaryň 2-sini hem 51-nji we 90+1-nji (p) minutlarda Erling Holann geçirdi. Duşuşygyň 86-njy minutynda koreýaly futbolçy Hyn Min Sona hasaby deňlemek üçin örän amatly pursat bolsa-da, derwezeçi Ortega topy saklamagy başardy. «Mançester Siti» topary «Tottenhamy» Londonda soňky 5 duşuşykda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. Mundan öňki 4 oýunda gol hem geçirip bilmedik «Mançester Siti» taryhyndaky iň wajyp ýeňişleriň birini baýram etdi.

Şunlukda, bu ýeňişden soň «Mançester Siti» 1-nji orna çykdy. Möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, «Mançester Sitiniň» 88, «Arsenalyň» 86 utugy bar. 38-nji tapgyrda «Mançester Siti» öz meýdançasynda Londonyň başga bir klubuny «West Hamy» kabul eder. Şol gün şol bir wagtda «Arsenal» hem Londonda «Ewerton» bilen duşuşar. «Mançester Siti» toparynyň çempionlyk üçin şol duşuşykda ýeňiş gazanmagyň ýeterlik. «Arsenal» bolsa ýeňiş gazanyp, «Mançester Sitiniň» utuk ýitirmegine garaşmaly bolar.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews