«Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşigi jemlendi

SalamNews

15 Maý, 2024

1

14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda  «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary bäsleşige hödürlenen işleriň içinden şu aşakdakylary ýeňiji diýip yglan etdi:

Hekaýa ugry:

  • 1.     Alişer MATÝAKUBOW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 95-nji orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

  • 2.     Abadan SATLYKOWA, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

  • 3.     Aýgül BABAGULYÝEWA, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy. 3-nji orun.

  • 4.     Mamajan HOJALYÝEWA, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

  • Resul ŞAGULYÝEW, Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Aganur PARAHADOW, Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Bägül ÖWEZOWA, Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Mähri ŞÖHRADOWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

Düzme ýazmak boýunça:

  • 1.     Näzli AHMEDOWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

  • 2.     Käbe TAGANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

  • 3.     Aýşa AGAÝEWA, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

  • 4.     Hatyja ŞAMYRADOWA, Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy. 3-nji orun.

  • Aýnur ABAÝEWA, Babadaýhan etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Ýusupnur ANNAKOW, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Mähri RAHYMOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Nurgözel GUTLYÝEWA, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

 Surat çekmek ugry boýunça:

  • 1.     Nurana NAZAROWA, Aşgabat şäherindäki 96-njy orta mekdebiň okuwçysy. 1-nji orun.

  • 2.     Daýanç ANNAÝEW, Gökdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy. 2-nji orun.

  • 3.     Ysmaýyl ATAÝEW, Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy. 3-nji orun.

  • Merjen HOJAKULYÝEWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Ejegül GURBANOWA, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

  • Aýlar ŞIRJANOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň okuwçysy. Höweslendiriji baýrak.

Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary we guramaçylaryň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews