«Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär

SalamNews

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importuň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Bu barada 23-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow tarapyndan berlen hasabatda aýdyldy. 

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmegi ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews