Hytaýyň hem-de Indoneziýanyň bilelikdäki ylmy ekspedisiýasynyň rekordy

SalamNews

2 Aprel, 2024

Iki ýurduň alymlary Hytaýyň suwa çümýän «Fendouçže» atly gämisiniň Hindi ummanyndaky Zondskiý çukurynda 7178 metr çuňluga aralaşmagyny gazandylar. Munuň özi Indoneziýa üçin rekord görkeziji hökmünde bellige alyndy.

Bilelikdäki ekspedisiýa bir aýa uzady. Alymlar fewral aýynyň ahyryndan bäri birnäçe deňiz gözleglerini geçirdiler. Hytaýyň we Indoneziýanyň deňiz pudagynda işjeň ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdiklerini ekspedisiýadan soň geçirilen dabara gatnaşyjylar bellediler.

«Uly Aziýa» teleýaýlymynyň beren habarynda aýdylşy ýaly, «Fendouçže» häzirki wagtda dünýäde suwuň astyndaky çuňluga aralaşmak boýunça iň uly mümkinçilige eýelik edýän dolandyryş enjamy bolup durýar. 2020-nji ýylda alymlar bu enjamy Mariana çukurynyň 10909 metre barabar bolan çuňlugyna aralaşmak üçin ulandylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews