Türkmenistanly suratkeşler eserlerini Özbegistanda geçirilýän sergide görkezýärler

SalamNews

15 Aprel, 2024

1

Her ýyl guralýan Halkara şekillendiriş we amaly sungaty festiwaly 15 — 19-njy aprel aralygynda Daşkende hem-de Özbegistanyň beýleki sebitlerinde geçirilýär. Oňa esasan TÜRKSOÝ-a agza döwletler, şeýle hem Türkmenistan, Günorta Koreýa we Fransiýa ýaly ýurtlaryň 70-sinden suratkeşler gatnaşýar.

Halkara festiwalyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Suratkeşler birleşiginiň agzalary we Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasynyň mugallymlary Zakirjan Babaýew, Gurban Babajykow dagy wekilçilik edýär.

Festiwalyň çäklerinde 16-njy aprelde «Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy» atly halkara serginiň açylyşy bolar, bu ýerde türkmen suratkeşleriniňem sungat eserleri görkeziler. Sergide Çarymyrat Ýazmyradowyň, Zakirjan Babaýewiň we Gurban Babajykowyň türkmen halkynyň medeniýetini hem-de taryhyny suratlandyrýan 10-dan gowrak suraty bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews