Gazagystanyň parlamenti türkmen-gazak serhedi bilen bagly ýene bir döwletara ylalaşygy tassyklady

SalamNews

6 Aprel, 2023

Gazagystan Respublikasynyň parlamenti «Gazagystanyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky gazak-türkmen döwlet serhediniň ýagdaýy baradaky ylalaşygy» tassykladylar. Bu barada zakon.kz internet neşiri habar berýär.

Degişli ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde baglaşylypdy. Döwletara ylalaşygyň esasy maksady Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet serhedindäki özara gatnaşyklary düzgünleşdirmekden hem-de onuň hukuk esaslaryny berkitmekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda, döwletara ylalaşyk döwlet serhedinden geçýän adamlar, transport serişdeleri, olaryň sürüjileri baradaky hukuk esaslaryny, döwlet serhedinde, serhet nokatlarynda hojalyk we beýleki işleri alyp barmagyň düzgünlerini düzgünleşdirýär.

Döwletara ylalaşygyň hereket ediş möhletiniň wagt çägi ýok. Ol haýsydyry bir tarapyň ýazmaça teklibi esasynda ýatyrylyp hem bilner.

Türkmen-gazak döwlet serhedi bilen bagly Gazagystanyň parlamenti mundan ozal hem 2 sany döwletara ylalaşygyny tassyklapdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews