Gazagystan türkmen gazyny hem-de elektrik energiýasyny satyn almaga taýýar

SalamNews

Gazagystanyň türkmen tebigy gazyny hem-de elektrik energiýasyny satyn alyp biljekdigi «Liter.kz» tarapyndan habar berildi.

Bu barada Gazagystanyň energetika ministri Almasad Satkaliýew habar berdi. Ol Gazagystan Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky goňşy döwletleri bilen ykjam aragatnaşyk saklaýandygyny tassyklady  

«Türkmenistan elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça ajaýyp mümkinçilige eýelik edýär. Ol eýýäm şeýle önümlerini Gyrgyzystana eksport edýär. Biz bu işi öz zerurlyklarymyzdan we abatlaýyş işleriniň grafikasyndan başlarys. Mahlasy, biz sarp edijilerimiziň täjirçilik mümkinçilikleri esasynda, türkmen kärdeşlerimiziň gaz we elektrik energiýasy boýunça hödürlejek tekliplerine garamaga taýýardyrys» — diýip, Satkaliýew Hökümet tarapyndan guralan brifingde belledi.

Mundan başga-da, ol häzirki wagtda Gazagystanyň elektrik energiýasy hem-de gaz boýunça içerki zerurlyklaryny kanagatlandyrýandygyny aýtdy.

«Nobatdaky ädimleriň ählisi şertnamalara bagly. Elbetde, teklip gyzykly hem täsirli bolsa gazagystanly sarp edijileriň bähbitlerini goramak üçin bu teklibi kabul etmäge taýýardyrys» — diýip, Satkaliýew sözüniň üstüni ýetirdi.

«Daryo» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, türkmen tarapy bilen boljak gepleşikleri «KazMunaýGaz» we «KEGOC» kompaniýalary geçirer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews