Türkmenistan «Kämilligi ýokarlandyrmak: Barnahus modeli arkaly çagany netijeli goramak üçin birleşmek» konferensiýa gatnaşdy

SalamNews

1

Türkmenistanyň wekilleri Çernogoriýada 17-18-nji aprelde geçirilen «Kämilligi ýokarlandyrmak: Barnahus modeli arkaly çagany netijeli goramak üçin birleşmek» atly sebitleýin konferensiýa gatnaşdylar.

Bu konferensiýa Çernogoriýanyň hökümeti we Ýewropa Geňeşi hem-de ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlykda guralyp, oňa Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitiniň 26 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri, gyzyklanma bildirýän taraplary üçin bu konferensiýa tejribe alyşmak, birek-birekden öwrenmek hem-de sebitde Barnahus modelini wagyz etmekde hyzmatdaşlygyň nokatlaryny tapmak üçin meýdança hökmünde hyzmat etdi.

Maslahatda Barnahus modelini durmuşa geçirmegiň kynçylyklary we mümkinçilikleri, şol sanda sanly tehnologiýalaryň çagalara zulum edilmegine täsiri, täze ekspluatasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara uýgunlaşmagy öwrenildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews