«Greengo» dükany yşyklandyryş önümleriniň giň görnüşini hödürleýär

SalamNews

1

Bagt, ýylylyk we tertip — şu sanalanlar bolmasa ýakymly öý gurşawyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu sanawa ýokary hilli yşyklandyryşyň owadan böleklerini goşsaňyz, has-da aýratyn rahatlyk alarsyňyz. Şeýle rahatlygy, Türkmenistanda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri meşhur türk kompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi paýlaýjysy hökmünde hereket edýän «Greengo» dükanyndan tapyp bilersiňiz.

Dükandan dürli görnüşli potolok we diwar LED lampalaryny, spot we trek yşyklandyryş ulgamlaryny, bralary, torşerleri, pol lampalaryny we stol çyralaryny, mundan başga-da, birnäçe öý-bezeg önümlerini satyn alyp bilersiňiz. «Greengo» dükanynda müşderiler islendik içerki diýaýn aýratynlyklaryna laýyk gelýän nusgawy bezeglerden başlap, döwrebap we futuristiki yşyklandyryşy saýlap bilerler. Yşyklandyryşyň häzirki zaman ugurlaryna düşünmek üçin ýörite hünärmenlere ýüz tutmagyň zerurlygy ýokdur. Sebäbi, bu dükandaky harytlaryň köpdürliligi hünärmenlere derek «gürleýär».

Dükanyň ýokary hilliligi we köpdürliligi bilen tapawutlanýan LED ýagtylykly haytek stilindäki lýustralary sizi diňe dizaýny bilen däl, eýsem, amatlylygy bilen hem haýran galdyrar. Çünki bu çyralar elektrik energiýasyny 90 göterime çenli az harç edýär. Mundan başga-da, müşderiler «Greengo» dükanyndan gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny hem alyp bolýar.

Dükan müşderilerine diňe bir degişli yşyklandyryşy saýlamagy maslahat bermek bilen çäklenmän, alan harytlaryny tiz we ynamly eltip bermek hyzmatyny hem tölegsiz ýerine ýetirýär. Alnan harytlara ýörite kepillik berilýär — çyralar üçin 2 ýyl möhlet; uly lýustralar üçin 30 ýyl möhlet. Şeýle amatly harytlary we hyzmatlary bilen çäklenmän, dükan söwda eden müşderilerine uzak möhletli tölegsiz hyzmat eder.

Salgylary:

G.Kulyýew köçesi (Объездная), «Peýkam» binasy, birinji gat, 96-njy dükan

G.Kulyýew köçesi (Объездная), «Aýly diyar» binasy, birinji gat, 85-nji dükan

«Altyn Asyr» Gündogar bazary, 2374

Telefon belgileri:

14-52-52, 16-52-52

Instagram:

@ agg.lighting

@ greengo.lighting

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews