Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain dilindäki ýygyndysy neşir edildi

SalamNews

1

2024-nji ýylyň maýynda Ukrainada «Магтимгули Пираги. 300 рокiв 3 дня народження. Одкровення» diýen at bilen Gündogaryň nusgawy şahyry, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi-çeper neşir çap edildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Munuň özi Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen has doly ýygyndysydyr. 323 sahypadan ybarat bolan kitapda beýik akyldaryň ukrain dilindäki 204 goşgusy ýerleşdirildi.

Onuň awtory hem düzüjisi Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky paýtagt Žunalistika institutynyň žurnalistika we metbugat kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiw bolup durýar. Munuň awtoryň türkmen şahyrynyň eserine bagyşlanan ilkinji işi däldigini bellemek gerek. Nikolaý Waskiw köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip gelýär. Ol türkmen şahyrynyň eserlerini diňe bir Ukrainada däl, eýsem, beýleki döwletlerde hem giňden ýaýbaňlandyrýar. Türkmen edebiýaty, medeniýeti, türkmen-ukrain medeni gatnaşyklary bolsa onuň yzygiderli ylmy gözlegleriniň esasy mowzugydyr.

Täze kitap Magtymgulynyň «Türkmeniň» goşgusyndan alnan setirlerden we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şahyryň baý edebi mirasy baradaky gymmatly jümlelerinden başlanýar.

Neşiriň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň XX asyryň we biziň döwrümiziň meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri tarapyndan ukrain diline terjime edilen goşgularyndan ybaratdyr. Mahlasy, awtor bir neşirde Magtymgulynyň şygyrlaryny ukrain diline geçirmekde uly işleri bitiren ýazyjylaryň, terjimeçileriň, publisistleriň we öwrenijileriň taýýarlan terjimelerini ýygnamagy başarypdyr.

Ajaýyp kitap Magtymgulynyň edebi mirasyny we çuňňur pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda diýseň çuň mazmuna eýedir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews