Amerikaly akapella toparynyň ýerine ýetirijileri Aşgabatda konsert berdiler

SalamNews

16 Aprel, 2024

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Amerikanyň Alýaska ştatyndan gelen akapella topary Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet aýdym-saz mekdebiniň hor topary bilen konsert geçirdi.

Akapella toparynyň aýdym-sazlaryny diňlemäge gelen tomaşaçylaryň arasynda çagalar hem bardy. Amerikaly «üçlüginiň» meýilnamasynda meşhur «Disneý» multfilmlerinden köp aýdymlar bar. Şol sebäpden amerikaly sungat ussatlary aýdym-saz mekdebiniň talyplaryny aýdymlary bilelikde ýerine ýetirmäge çagyrdylar. Bu akapella toparyna Adriana Latonio, Liza Hawkins we Motyi Deni girýär.

Bu aýdym aýdýan şadyýan gyzlaryň beýleki estrada aýdymçylaryndan esasy tapawudy, olaryň öz aýdymlaryny sahnada sazandasyz ýerine ýetirmegidir. Olar indi bäş ýyl bäri bitboks usulyny ulanyp, saz guralsyz sahna çykýarlar. Gyzlar dürli gurallaryň sesine meňzedip öýkünýärler, zaldaky tomaşaçylar bolsa deprek, goboý we saksafon ýaly saz gurallarynyň seslerini eşidýärler.

Şeýle usulda «Maugli», «Zoluşka», «Enkanto», «Suwperijik» ýaly multfilmlerinden aýdymlar ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, toparyň konsert meýilnamasynda meşhur estrada aýdymlary tans edip, mikrofona pitikläp, barmaklaryny oýnadyp, meşhur estrada aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bu konserte taýýarlyk görýän wagtlary akapellaçy gyzlar Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Türkmeniň», «Gözüm düşdi» atly iki aýdymy öwrenip, konsertiň dowamynda türkmen talyplary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda toparyň baş aýdymçysy Lisa Hawkins tomaşaçylaryň islegine laýyklykda, «Hey Jude» aýdymyny hor topary bilen bilelikde iki ýola ýerine ýetirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews