Hormatly Prezidentimiz «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny türkmen halkyna sowgat etdi

SalamNews

24 Mart, 2024

1

23-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen ilinde toýlaryň-toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. 

Türki dünýäsiniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda geçiriljek dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrar. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar BerdimuhamedowÄnew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. 

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews