Ýurdumyzyň «Galkan» topary Aşgabatda geçýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň finalyna çykdy

SalamNews

18 Aprel, 2024

Şu gün — 18-nji aprelde ýurdumyzyň «Galkan» topary paýtagtymyzda geçýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň toparçasyndaky ahyrky duşuşygyny geçirdi. Türkmen topary «A» toparçada çykyş edýär.

Toparçanyň dördünji tapgyrynda Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» toparyny 9:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden türkmen kluby mümkin bolan utuklaryň ählisini toplap, halkara ýaryşyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Duşuşygyň birinji döwünde Perhat Atekaýewiň taşlan üç şaýbasy ildeşlerimizi öňe çykardy. Perhat ikinji döwde hem şaýbalaryň ikisini taşlamagyň hötdesinden geldi. Şondan soň bolsa Erkin Kakabaýew bilen Baýmyrat Baýmyradow tapawutlandy. Üçünji döwde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hokkeý toparynyň ýene iki şaýbasy bellige alyndy. Olara Erkin Kakabaýew bilen Muhammetýar Nuryýew awtorlyk etdi.

«Galkan» 20-nji aprelde geçiriljek finalda «B» toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews