Hindistan ilatynyň köplügi boýunça dünýäde birinji orna geçdi

SalamNews

18 Aprel, 2024

1

1,442 milliard ilaty bolan Hindistan ilatynyň köplügi boýunça dünýäde birinji orn geçdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) hasabatyna görä, ikinji orunda 1,425 milliard ilatly Hytaý durýar.

Hindileriň takmynan 24 göterimi 1 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar bolsa, 15 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky adamlar ýurduň ilatynyň 68 göterimini düzýär. 65 ýaş we şondan uly adamlar 7 göterime barabardyr. Bu ýerde erkekleriň ömrüniň dowamlylygy ortaça 71, zenanlaryňky bolsa 74 ýaş hasaplanýar.

Hünärmenler hindi ilatynyň ýene 77 ýyldan iki esse artyp biljekdigi çaklaýarlar. Bu barada «India TV News» habar berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews