Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okuwy tamamlaýan ýaşlar üçin «Iş ýarmarkasy» geçiriler

SalamNews

12 Aprel, 2024

1

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň iňlis dilini bilýän, bilim alan hünäri boýunça döwrebap başarnyklary bolan ýaş hünärmenlerini işe çagyrmak boýunça «Iş yarmarkasy» (Career Fair) guralýar. Bu duşuşyk iş berijilere ýokary okuw mekdebiň talyplaryndan özlerine gerek bolan başarjaň işgärleri saýlap almakda ajaýyp mümkinçilik bolar.

Ýarmarka 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde 14:00-da başlaýar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hünarleriniň sanawy:

  • Filosofiýa

  • Sosiologiýa

  • Žurnalistika

  • Halkara ykdysadyýeti

  • Halkara menejment

  • Halkara maliýe

  • Ätiýaçlandyryş işi

  • Halkara täjirçiligi

  • Kompyuter tehnologiýasy

  • Kompyuter ulgamynyň programma üpjünçiligi

  • Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy

  • Halkara jemagat hukugy

  • Halkara hususy hukugy

  • Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty

  • Bilimi dolandyrmak (magistratura)

  • Işewürlik-dolandyryş (magistratura)

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews