«Ak Bulut» eksportunyň geografiýasyny giňeldýär: kärhanada öndürilýän gips kartony Gruziýa ýollanyp başlandy

SalamNews

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti gurluşyk harytlarynyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Bu gezek ol gips kartonyny Gruziýa eksport etdi. Möhüm ädim kompaniýanyň satuw bazaryny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegine öwrüldi we geçen ýyl işe girizilen täze zawodyň önümlerine daşary ýurtly alyjylaryň uly gyzyklanmasyny görkezdi.

Esasan hem, gurluşyk we abatlaýyş pudaklarynda meşhur bolan gips kartony çyglylyga, ýangyna durnuklylygy we ýokary ses izolýasiýasy bilen bellidir. «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň bu önümi häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly öndürilýär we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti geçen ýylyň dekabrynda milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek we işewürlik başlangyçlaryny goldamak boýunça maksatnamanyň çäginde Lebap welaýatynyň Dostluk şäherindäki täze zawodyny işe girizdi. 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap zawod ösen hem öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr we ähli halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty her ýyl 50 müň tonna gurluşyk garyndysyny we 4 million inedördül metr gips kartonyny öndürmäge mümkinçilik berýär. «Ak Bulut» öz önümlerini Özbegistan, Gyrgyzystan, Ukraina we Azerbaýjan ýaly ýurtlara eksport edýär, ýakyn wagtda bolsa Gazagystana hem-de Täjigistana ýollap başlamagy meýilleşdirýär.

Hojalyk jemgyýetiniň baş direktory kompaniýanyň amala aşyrýan eksporty hakynda şeýle belledi:

«Gruziýa eksport etmek biziň kompaniýamyz üçin strategiki ädimdir. Bu täze bazar biziň önümlerimiziň hilini we innowasion gurluşyny halkara giňişliginde görkezmäge mümkinçilik berýär».

Önümler we hyzmatlar barada has giňişleýin maglumat almak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertleri boýunça ylalaşmak üçin aşakda görkezilen aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Gips kartonynyň Gruziýa eksport edilmegi ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen halkara bazarynda ykrar edilen «Ak Buludyň» ösüşinde möhüm tapgyry emele getirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews