Formula 1-den soň Moto GP-niň hem satyn aldy

SalamNews

2 Aprel, 2024

Amerikan media topary «Liberty Media» dünýä sportunyň öňdebaryjy guramaçylyklarynyň ýene biri bolan Moto GP çempionatyny 3,6 milliard funt sterlinge satyn aldy. Şol bir wagtyň özünde Formula 1-iň eýesi bolan «Liberty Media», şeýlelikde, iki uly sport guramaçylygyna eýeçilik eder. F1-i 2017-nji ýylda düzümine goşan kompaniýa 1992-nji ýyldan bäri Moto GP-niň eýesi bolan ispan şereketi «Dorna Sports» bilen ylalaşyk gazandy. Şoňa görä, Moto GP-niň 86 göterimlik paýnamasy «Liberty Media» geçdi. Şertnamanyň dolulygyna ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Ilkinji gezek 1949-njy ýylda 6 ýaryşlyk çempionat bilen başlanan Moto GP häzirki wagtda 5 yklymda 20 bäsleşigi özünde jemleýär. Dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän Moto GP boýunça Dünýä çempionatynda geçen möwsümde «Ducati» toparyndan italiýaly Françesko Banaia çempion bolupdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews