«Florida Panters» 2-nji duşuşykda-da ýeňiş gazandy

SalamNews

11 Iýun, 2024

1

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de Stenli Kubogy ugrundaky final duşuşyklarynyň 2-njisi geçirildi. «Florida Panters» bilen «Edmonton Oýlersiň» arasyndaky duşuşyklaryň ilkinji 2-si Floridada oýnalyp, ýer eýeleri ikisinde hem ýeňşini baýram etdi. 1-nji duşuşykda jogapsyz 3 gol geçiren «Florida Panters» topary 2-nji duşuşykda 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy we umumy hasapda 2:0 öňe geçdi. 1-nji oýundaky şaýbalary Werhauge, Ewan Rodriges, Luostarinen geçirdi. 2-nji oýunda ilkinji bolup hasaby Ekolmyň goly bilen «Edmonton» topary açanam bolsa, soňunda ýer eýeleri erjel oýun görkezdiler. 2-nji periodda Mikkolanyň şaýbasy bilen hasaby deňlän «Florida» 3-nji periodda Ewan Rodrigesiň (2), Aaron Ekbladyň gollary esasynda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Çempionlyga bir ädim golaýlan «Florida Panters» topary bilen «Edmonton Oýlersiň» arasyndaky 3-4-nji duşuşyklar degişlilikde 14-nji we 16-njy iýunda Kanadada geçiriler. Bu duşuşyklarda «Florida Panters» ýeňiş gazansa, taryhynda ilkinji gezek NHL-iň çempiony bolar. «Edmonton Oýlers» ýeňiş gazansa, toparlar goşmaça duşuşyk geçirerler.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews