Ýeňşini ir baýram eden eýranly pälwan Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanyp bilmedi

SalamNews

1

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde grek-rim göreşi boýunça Imre Polýak hem-de Ýanoş Warginiň hatyrasyna geçirilýän ýaryşda täsin waka bolup geçdi.

67 kg agrama çenli türgenleriň arasyndaky ýaryşda eýranly Saýed Esmaeýli Leýwezi bilen kubaly Luis Orta duşuşdy. Ýarym final duşuşygynyň tamamlanmagyna 1,5 sekunt galanda eýranly türgen 7:5 öňde barýardy we duşuşygy bes edip, düşekçäniň daşyna barýarka kubaly türgen ýeňiş gazandyrýan emel bilen Leýwezini ýere serdi.

00:00 / NaN:NaN:NaN

480p

360p
480p

Şol pursatda eminler bolup geçen hadysany seljerip, Ortanyň nädogry hereketiniň ýokdugyny anykladylar.

Janköýerleri iki topara bölen bu hadysada käbirleri Ortanyň bäsdeşi Leýweziniň beren ýeňiş sowgadyndan ýerlikli peýdalanandygyny belleseler, olaryň deň ýarysy kubaly türgeniň eden bu hereketini sportuň daşynda hasaplaýarlar. Netijede, Orta finala çykyp, finalda-da gruziýaly göreşiji Leri Abuladzeni 4:0 hasap bilen ýeňdi we çempion bolmagy başardy.

Agza-burna gelen ýeňşi elden gideren Leýwezi üçin bu ýagdaý diňe bir ýeňliş diýmek däldir. Ol watandaşy Muhammad Reza Gerainiň ornuna tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini hem elden giderdi. Onuň öňünde Geraiden öňe saýlanmak mümkinçiligi bardy. Netijede, bürünç medal gazanan Leýwezi Olimpiýa oýunlarynyň daşynda galdy.

Kubaly Luis Orta Tokio Olimpiadasynda 60 kg agrama çenli türgenleriň ýaryşynda altyn medal gazanypdy. Ol geçen ýyl Belgradda geçirilen Dünýä çempionatynda-da 67 kg agram derejesinde münberiň iň ýokary basgançagyna çykypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews