Eýran – Türkmenistan: Tähranda geçiriljek duşuşyk «Persiana Sports» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler

SalamNews

20 Mart, 2024

Ertir — 21-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň «E» toparçasynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň ýygyndy toparynyň garşysyna çykar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Futbol muşdaklarydyr janköýerler Tähranyň «Azady» stadionynda geçiriljek duşuşyga «Persiana Sports» teleýaýlymy arkaly göni efirde tomaşa edip bilerler. Bu teleýaýlym ýurdumyzda hereket edýän «IP-TV» hem-de «Älem TV» ulgamlarynda elýeterlidir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews