«Etihad» Abu-Dabide myhmanhanada mugt galmagy teklip edýär

SalamNews

«Etihad Airways» awiakompaniýasy we Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti «Abu Dhabi Stopover» maksatnamasynyň başlandygyny habar berdiler. Aýratyn mahabat Abu-Dabiniň üsti bilen uçýan syýahatçylara BAE-däki duralga wagtynda myhmanhanada mugt bolmagy teklip edýär.

«Etihad» uçuşlaryny bron edenlerinde müşderiler indi duralga goşup, myhmanhana saýlap bilerler. Myhmanlar awiakompaniýanyň web sahypasynda hödürlenýän islendik myhmanhanada bir ýa-da iki gije mugt ýaşap bilerler.

«Stopover» paketleri diňe etihad.com saýtynda bron etmek üçin elýeterlidir. Bu täsin mümkinçilik paýtagtyň myhmanlaryna gysga duralgany ýatdan çykmajak dynç alyşa öwürmäge kömek eder.

Bu habar Arabystanyň syýahatçylyk bazarynda mynasyp ornuny tapan «DCT Abu-Dabiniň» syýahatçylyk boýunça baş direktory Saleh Muhammet Al Geziri bilen Etihadyň baş direktory Antonoaldo Newesiň arasynda özara düşünişmek resminamasyna gol çekilenden soň mälim edildi.

Jenap Al Geziri:

«Munuň özi Abu-Dabiniň gözelliklerini hyzmatdaşlarymyz, dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylar bilen paýlaşmak baradaky umumy wezipämiziň aýrylmaz bölegidir. «Etihad» bilen «Stopover» meýilnamamyz syýahatçylara Emirlik bilen gyzykly tanyşlygy hödürleýär. Bu başlangyç myhmanlara şu ýerde bar bolan dürli mümkinçiliklerden — güýmenjeden we medeniýetden başlap, kenarýaka dynç alşy barada düşünje berer. Syýahatçylary Abu-Dabiniň ähli täsirlerine şaýat bolmaga ruhlandyrar» — diýip, aýtdy.

Jenap Antonoaldo Newes bolsa:

«Geljek bir ýylda «Stopover» maksatnamasynyň çäginde Abu-Dabä 100 müňden gowrak jahankeşdäni çekmegi meýilleşdirýäris we paýtagty synlap görenlerinden soň olary ýene bu ýere dolanjakdyklaryna ynanýarys. Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti bilen bilelikde Emirligiň hödürleýän mümkinçiliklerini dünýä görkezmek üçin bilelikde işlemekden hoşaldyrys» — diýip, belleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews