«Soňky jaň» dabaralary mekdep okuwçylaryna unudylmajak şatlyk duýgularyny paýlaýar

SalamNews

25 Maý, 2024

2

Şu gün — 25-nji maýda Türkmenistandaky orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlar üçin «Soňky jaň» ýaňlandy. Bu şatlykly we unudulmajak waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde dabaralar geçirildi.

Dabaraly pursatlar ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mekdep okuwçylaryna we bilim işgärlerine ýollan Gutlagyndan başlandy.

Soňra mugallymlardyr ata-eneler uçurymlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Öz gezeginde uçurymlar hem öz mugallymlaryna we ata-enelerine minnetdarlyk sözlerini aýtdylar .

«Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly medeni çärelerbütin ýurdumyzda — paýtagtymyzda, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerinde uly şowhun-şatlyk bilen geçirilýär. Okuw ýylynyň jemlenmegine bagyşlanan dabaralar şu ýyl ilkinji gezek Arkadag şäherinde hem geçirildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews