«Commerzbank» Türkmenistandaky energiýa taslamasyna maliýe goldawyny berer

SalamNews

1

«Çalyk Enerji» türk kompaniýasy Türkmenistandaky elektrik stansiýasynyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek üçin «Commerzbankdan» we Şweýsariýanyň eksport-karz agentliginden (ECA) kepillik bukjasyny aldy.

«Global Trade Review» tarapyndan berlen habarda «Commerzbankyň» «Çalyk Enerjini" 586 million dollarlyk kepillik ulgamy bilen üpjün edýändigiaýdyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasy «Çalik Enerji Sanayi» we «Ticaret A.Ş» bilen Türkmenbaşyda 1574 MWt kuwwaty bolan paraelektrik stansiýasyny gurmak üçin şertnama baglaşdy.

Owganystan, Eýran, Özbegistan we Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alýar. Aşgabat bolsa Kawkazyň, Türkiýäniň we Günorta Aziýanyň täze bazarlary bilen gyzyklanýar.

Türkmenistanda tebigy gaz esasynda elektrik energiýasy öndürilýär. Meýilnama görä, 2028-nji ýylda ýurduň umumy elektrik energiýasy 37,5 milliard kilowat sagada ýeter. Bu san 2021-nji ýylda 28,4 milliard kilowat bolupdy .

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews