Dünýä çempiony Žiru «Milandan» «Los Anjelese» geçer

SalamNews

15 Maý, 2024

1

Italiýanyň çempionaty «Serie A»-nyň wise-çempiony «Milanyň» fransiýaly hüjümçisi Oliwýe mundan soň karýerasyny ABŞ-nyň çempionaty MLS-de dowam eder. 37 ýaşyndaky oýunçy möwsümiň ahyrynda «Milan» bilen hoşlaşar we «Los Anjeles FK» toparynyň düzümine goşular. Italýan kluby bilen şertnamasy tamamlanýan Oliwýe Žiru amerikan klubunda 2025-nji ýylyň soňuna çenli oýnar. Gerek bolan ýagdaýynda şertnamanyň möhleti ýene-de 1 ýyl uzaldylar. 3 ýyl «Milanda» çykyş eden Žiru italýan toparynda «Serie A»-nyň çempionlygyny gazandy. Ol «Milanda» 130 oýunda 48 gol geçirdi. Žiru «Milandan» öň «Çelsi», «Arsenal», «Monpelýe», «Tours», «Istres», «Grenobl» klublarynyň köýnekçelerini geýipdi.

Fransiýanyň ýygyndysy bilen 2018-nji ýylda Dünýä Kubogyny gazanan Žiru milli toparda 131 oýunda 57 gol geçirip, bu ugurda öňdeligi eýeleýär.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews