Dubaýyň golaýynda 1600 ýyllyk ilatly ýerleriň galyndylary we ýüzünde arameý dilindäki ýazgylar bolan gaplar tapyldy

SalamNews

1

Arheologlar Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde sebitiň irki taryhyna degişli birnäçe gadymy oturymly ýerleriň galyndylaryny tapdylar.

Ýurduň syýahatçylyk we arheologiýa ministrliginiň beren beýanynda taryhy galyndylaryň Dubaýyň 42 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän syýahatçylyk merkezi bolan Al Sinnah adasyndan tapylandygy aýdylýar.

Arheologlar bu ýeriň dördünji asyra degişlidigini, iň azyndan 1600 ýyl mundan ozal döredilendigini tassyklaýarlar.

Gazuw-agtaryş meýdançasynda tapylan köp sanly küýzeleriň Mesopotamiýadan getirilendigi anyklandy.

Gaplaryň ikisinde birinji we dördünji asyrlara degişli bolan arameý ýazgylary bar.

Şeýle gazuw-agtaryş işleriniň ýene biri şol adanyň Deýr-as-Siniýa diýen at bilen tanalýan sebitinde geçirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews