Mekdep okuwçylary we talyplar Halkara onlaýn-mekdebine çagyrylýar

SalamNews

29 Mart, 2024

Sankt-Peterburgyň Senagat tehnologiýalary we dizaýn döwlet uniwersiteti mekdep okuwçylaryny, kollejleriň we orta hünär okuw mekdepleriň talyplaryny, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň taýýarlaýyş bölümleriniň diňleýjilerini 2024-nji ýylyň 22 — 26-njy apreli aralygynda guraljak Halkara hünär ugrukdyryş onlaýn-mekdebine gatnaşmaga çagyrýar.

Onlaýn-mekdep maksatnamasy Ýokary tehnologiýa we energetika mekdebiniň taýýarlyk okuw ugurlary boýunça lektorlaryny özünde jemleýär:

  • maglumat tehnologiýalary;

  • senagat diýazny;

  • biotehnologiýalar;

  • elektroenergetika we elektrotehnika;

  • mehanika;

  • ykdysadyýet;

  • logistika;

  • energomenejment;

  • işewürlik seljermesi.

Halkara onlaýn-mekdebine tölegsiz esasda gatnaşyp bilersiňiz. Ol rus dilinde geçirilýär.

Okuwlaryň ahyrynda diňleýjiler gatnaşyjynyň sertifikatyny alarlar.

Tematiki gönükmeleri we synaglary üstünlikli tamamlan halatynda daşary ýurtly gatnaşyjylar taslama kabul edilendiklerini alamatlandyrýan diplomlara eýe bolarlar.

Halkara onlaýn-mekdebe gatnaşmak üçin görkezilen çeşme arkaly onlaýn bellige aldyrmaly ýa-da hsteinterschool@gmail.com elektron poçtasynyň üsti bilen arza ýollamaly.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews