«Aston Willa» 41 ýyldan soň UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar

SalamNews

15 Maý, 2024

1

Angliýanyň «Premier Ligasynda» «Tottenhamyň» utulmagy çempionatyň ykbalyna uly täsir etdi. Ilki bilen çempionlyk ugrundaky göreşde ygtyýar «Mançester Sitiniň» tarapyna geçdi. Şol bir wagtyň özünde-de UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 4-nji topary kesgitledi. Başgaça aýdylanda, bu ugurda «Aston Willa» bilen «Tottenhamyň» arasynda göreş bardy we londonlylar şäherlileri ýeňen halatynda hemme zat  soňky tapgyrda belli bolmalydy. Ýöne beýle bolmady we APL-den Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 4-nji klub «Aston Willa» boldy. Birmingem şäheriniň wekili 41 ýyldan soň 3-nji gezek UEFA-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşyna gatnaşar. Ilkinji gezek 1981/82 möwsüminde gatnaşyp, klub şol ýyl çempionlyk gazanypdy. «Aston Willa» topary 2-nji gezek hem 1982/83-nji ýyllaryň möwsüminde ýaryşa gatnaşyp, çärýek finalda yzyna gaýdypdy.

Şunlukda, «Aston Willa» kluby 41 ýyldan soň UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar. Birmingem şäheriniň kluby ýaryş UEFA Çempionlar Ligasy adyny alanyndan soň bu bäsleşige ilkinji gezek wekilçilik eder. Topar Angliýanyň adyndan bu ýaryşa gatnaşjak 11-nji klub hökmünde hasaba alyndy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews