«Arkadag» topary «Merwi» uly hasap bilen ýeňdi — 9:0

SalamNews

18 Aprel, 2024

1

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Merwi» 9:0 hasabynda ýeňip, toplan 21 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Bu duşuşykda Didar Durdyýewiň hem-de Begenç Akmämmedowyň het-trigi bellige alyndy.

Tapgyryň çäginde «Ahal» «Aşgabady», «Nebitçi» «Köpetdagy», «Altyn Asyr» bolsa «Energetigi» ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 15 utukdan toplan «Altyn Asyr» bilen «Ahal» toparlary ikinji we üçünji orunlary eýeleýärler.

8-nji tapgyryň duşuşyklary:

  •  «Ahal» – «Aşgabat» – 4:0

Gollar: 11 Daýanç Meredow, 23 Akmämmet Metdäýew, 57 Meýlis Diniýew, 80 Azat Rahmanow, öz derwezesine («Ahal»)

  •  «Nebitçi» – «Köpetdag» – 1:0

Gol: 22 Myratdurdy Baýramow («Nebitçi»)

  •  «Arkadag» – «Merw» – 9:0

Gollar: 15, 17, 47 Didar Durdyýew, 21, 46, 65 Begenç Akmämmedow, 30 Şanazar Tirkişow, 79 Ybraýym Mämmedow, 84 Begmyrat Baýow («Arkadag») 

  •  «Altyn Asyr» – «Energetik» – 4:2

Gollar: 5 Wahyt Orazsähedow, 56, 83 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 85 Arslan Saparow («Altyn Asyr») – 2 Ruslan Täjiýew, öz derwezesine, 89 Begenç Temriýew («Energetik»)

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary 20-nji aprelde geçiriler: «Köpetdag» – «Ahal», «Energetik» – «Nebitçi», «Merw» – «Altyn Asyr», «Şagadam» – «Arkadag».

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews