Arkadag şäherinde boş iş orunlaryň ilata hödürleniş çäresi geçirilýär

SalamNews

6 Aprel, 2024

1

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde Arkadag şäher Maliýe we bank toplumynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerindäki bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde geçiriljek çärä degişli wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Iş gözleýän raýatlar bolsa öz ýanlary bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, eger bar bolsa, hünärini tassyklaýan resminamasyny hem-de zähmet depderçesini geçiriljek çärä alyp gelmelidirler.

Habarlaşmak üçin salgysy we telefon belgisi:

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Arkadag şaýolunyň 26-njy jaýy.

Telefon belgisi: 57-23-11.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Arkadag şaýolunyň 32-nji jaýy.

Telefon belgisi: 57-18-76.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews