31-nji martyň täleýnamasy

SalamNews

31 Mart, 2024

Hamal  (21.03 — 20.04)

Hamallar bu güni birnäçe üýtgeşik wakalar bilen garşylarlar. Maddy ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin edýän hereketleriňiziň, meýilleşdirýän işleriňiziň sizi biraz ýadatmagy mümkin. Tijeniň, bu günki çeken zähmetiňiz, ertir rehnet bolup ýagar.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar öňkülerinden biraz duýguçyl bolarlar. Sähel zada aglap, gynanyp ýa-da ýylgyryp bilersiňiz. Dartgynly ýagdaýlar ýüze çykanda, adamlary tankytlamagyň ýerine, olara düşünmäge synanyşyň.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar özlerine agram salýan islendik işden we wakadan gaça durmak islärler. Käbir adamlaryň ynamyňyzy ödemezligi sizde olar barada düýpgöter başgaça pikirleriň döremegine getirip biler. Ýöne özüňizi ele alyň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Seretanlar howlukmaç hereket etmekden we meýilnamalaryna girizmedik işlerini amala aşyrmakdan saklansalar bähbitli bolar. Täze meýilnamalaryň başyny başlamak üçin has amatly pursatlara garaşyň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Esetleriň durmuşynda bu gün täze üýtgeşmeler bolar. Aýratyn hem, iş ýeriňizde täze meýilnamalarda işdeş ýoldaşlaryň maslahatynyň zerurlygy ýüze çykyp biler.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny saklamak bu gün sünbüleleriň esasy meseleleriniň biri bolar. Maddy ýagdaýlaryňyzy gowulandyrjak birnäçe mümkinçilikleriň döremegi mümkin.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin diňe bir ýeten derejelerini saklamagyň däl, eýsem, täze belentlikleri eýelemegiň hem wagtydyr. Ýeňiş siziň bilen bolar, ýöne munuň üçin ýakyn adamlaryňyz we işdeşleriňiz bilen agzybir, hoşgylaw bolmagyňyz gerek.

Akrap (24.10 — 22.11)

Akraplaryň işleri birsydyrgyn dowam eder. Bu güni asuda ýagdaýda geçirmek, özüňize we maşgalaňyza wagt aýyrmak maslahat berilýär. Köpräk dynç almaga çalşyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Täzeçillige tarap hereket ediň we ynamyňyzy ýitirmäň. Bu gün siz maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin goşmaça iş tapyp ýa-da bar bolan maýaňyzy gazançly bir işe goýup bilersiňiz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün jediler üçin kämilleşmegiň wagty. Jedileriň maddy üpjünçiligi ýokarlanyp başlar. Goşmaça iş we dürli gazanç çeşmeleri tapylar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün daluwlaryň göwni özgerişlikleri küýsär. Howlukmaň, hemme zat öz wagtynda bolar. Daş-töweregiňizdäkileriň pikirlerini, gyzyklanmalaryny öwreniň. Netije çykaranyňyzda duýgularyňyza däl-de, akyla daýanyň.

Hut (21.02 —20.03)

Hutlar işlerine biperwaý çemeleşmeli däldirler. Iş borçnamalaryny wagtyndan öň ýerine ýetirjek boluň. Işiňizden daşary artyk işi boýun almaň, hiç kime hiç zady wada bermäň. Işde we öýde täzelik girizjek boluň.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews