30-njy martyň täleýnamasy

SalamNews

30 Mart, 2024

Hamal  (21.03 — 20.04)

Beren wadalaryňyzda bu gün tapylmaly bolarsyňyz. Käte-käte «ýok» diýmegi başarsaňyz, öz bähbidiňiz üçin gowy bolar. Öňki ýalňyşlyklaryňyzdan sapak alyň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün sizde bir işiň başyny başlamak islegi oýanar. Ýöne bu babatda hiç kimi diňlemäň. Başgalaryň pikirleri maksadyňyza ýetmäge päsgel berer.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu günüň ýakymly pursatlary ömür sahypaňyzda ýer alar. Halaýan adamlaryňyz bilen gabatlaşmagyňyz mümkin. Araňyzdaky süýji gürrüňler, gyzykly söhbetdeşlik sizde gowy täsirleri galdyrar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Öz durmuşyňyzda hemme zat gülala-güllük bolsa-da, beýleki adamlaryň ýagdaýlary sizi alada goýup biler. Ähli meseleleri ilik-düwme öwrenip, soňra çözgüt kabul etseňiz, ökünmersiňiz.

Eset  (23.07 — 23.08)

Maşgala býujetiňizi düzeniňizde ownuk zatlary ünsden düşürmäň. Ýogsa aýyň dowamynda artykmaç çykdajy etmegiňiz mümkin.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün başga aladalaryňyzy bir gyra goýup, maşgalaňyza has köp wagt sarp etmeli. Daş-töweregiňizdäki käbir habarlar sizi aladalandyrar. Emma sabyrly boluň, hemme zadyň wagtlaýyndygyny unutmaň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün ýyldyzlar siziň üçin garaşylmadyk ajaýyp wakalara baý boljakdygyny wada berýär. Köne tanyşlaryň duýdansyz öýe gelmegi ýa-da gadyrdan dostlaryňyzdan jaň, habar gelmegi size oňyn täsirini ýetirer.

Akrap (24.10 — 22.11)

Ýakynda gören filmleriňiz bu gün käbir päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berer. Pikirleriňize doly bil baglap bilersiňiz. Olar sizi aldamaz.

Kowus (23.11 — 21.12)

Günüň birinji ýarymynda kimdir biriniň siziň göwnüňize degmegi mümkin. Oňa aýdasyňyz gelýän zatlary şol wagt aýdyň. Ýogsam günuzyn aýdylmadyk sözler size azap berer. Ýöne çakyňyzy hem biliň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Özüňize gaty köp sorag bermegi dowam etdirseňiz, özüňize şonça hem dert berersiňiz. Köşeşmeli we stresi peseltmeli.

Daluw (21.01 — 20.02)

Durmuşda size zyýan berýän käbir endikleriňizi taşlamaga synanyşyň. Şol sebäpli ýakyn dostlaryňyz bilen araňyza «çöp düşmegi» mümkin. Durmuşda siziň üçin iň oňat çözgüt, islendik hadysalara asuda seretmekdir.

Hut (21.02 —20.03)

Duýgularyň sizi dogry ýola alyp barýandygyna arkaýyn bolup bilersiňiz. Kimdir biri siziň bilen ýakyndan tanyşmak islär. Garşylyk görkezmeseňiz gowy bolar. Bu täze tanyşlyk geljekde size köp ýerde peýda etmegi mümkin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews