3-nji apreliň täleýnamasy

SalamNews

3 Aprel, 2024

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün hamallaryň ähli işi ugruna bolar. Sowukganly we parahat bolmaga synanyşyň. Şonda arzuwlaryňyza ýetmekde kynçylyk çekmersiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Sowurlaryň durmuşynda bu gün uly zatlary wada berjek mümkinçilikleriň döremegi mümkin. Bu gün söwda, telekeçilik bilen meşgullanýan sowurlar önümçiligini giňeltmek üçin birnäçe derwaýys meseleleri çözerler.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün jöwza ýyldyzynyň astynda doglanlaryň durmuşynda köp özgerişlikler, üýtgeşmeler bolar. Ýyldyzlar size ýagdaýa görä hereket etmegi maslahat berýär.

Seretan (22.06 — 22.07)

Daş-töweregiňizdäkileriň maslahatyny diňläň, ýöne haýsydyr bir netijä geljek bolanyňyzda ýanyňyzdakylaryň gep-gürrüňine däl-de, öz akylyňyza geňeşiň.

Eset (23.07 — 23.08)

Bu gün pullaryňyzy biderek harçlamazlyga synanyşyň. Her bir çykaran çykdajyňyzy ünsden düşürmäň. Çünki puluň aşa köp sowulmagy geljegiňize güýçli täsirini ýetirer.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Günüň ahyrynda käbir arzuwlary amala aşyrmak üçin sizde täze teklipler, pikirler dörär. Işiňizi üýtgetmek üçin bu gün iň oňaýly mümkinçilikler dörär.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Size dynç almak gerek. Mümkin bolsa, bu günüňizi asudalykda, ýekelikde geçirseňiz gowy bolar. Bu gün siz täze bir işe başlamakdan, taslamalary durmuşa geçirmekden kynçylyk çekip bilersiňiz.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün işden ýaňa ýüregiňiz gysmaz. Bu günüň aladalaryndan, başagaýlygyndan ýaňa özüňizi hem ýatdan çykararsyňyz. Şonuň üçin günüň ahyrynda dynç almaga özüňize wagt aýryň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün ak ýürekden zähmet çekýän akraplara uly üstünlik garaşýar. Bu gün näçe aýgytly hereket etseňiz, şonça-da ýokary netijelere eýe bolarsyňyz.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün kowuslar arzuw-hyýallaryndan saplanyp, gündelik iş-aladalaryna dolansalar netijeli bolar. Maşgala durmuşy bilen bagly aladalar köp wagtyňyzy alar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar jedileriň iş orunlarynda öňegidişlikleriň boljakdygyny habar berýär. Öz gazançlaryňyzy saga-sola sowasyňyz geler. Emma şu gün azajyk tygşytly bolsaňyz, gerekmejek zatlary satyn almaga bolan islegleriňiz biraz gowşar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün daluwlara uly üstünlikleri wada berýär. Tötänden dörän duşuşyklar işewür gatnaşyklaryň döremegine ýa-da ikitaraplaýyn bähbitli teklipleriň hödürlenmegine sebäp bolar.

Hut (21.02 —20.03)

Hutlar bu gün aýgytly çözgüt kabul etmäge howlukmaly däldirler. Maşgalaly hutlar öz ýakynlary bilen mylakatly bolmalydyrlar. Maşgalaňyzy we ýakynlaryňyzy ünsden düşürmäň. Ýogsam araňyza sowuklyk aralaşmagy mümkin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews