28-nji martyň täleýnamasy

SalamNews

28 Mart, 2024

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar özlerini juda asuda, sowukganly alyp barmaga synanyşmaly. Oraza tutýan hamallaryň agzaçar sadakasyna myhmançylyga çagyrylmagy mümkin.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlaryň durmuş sahypasynda aýratyn ýatda galyjy gün bolar. Iş teklipleri, dost-ýarlarynyň goldawy, maşgala söýgüsi sowurlara uly güýç-kuwwat berer.

Jöwza (21.05 — 21.06)

28-lik san jöwzalar üçin elmydama bagt getirýär. Ýazyň ilkinji aýynyň 28-i hem size goşa şatlygy wada berýär. Günüň dowamynda işjeňligiňizi görkeziň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün özlerini ýadatmaly däldirler. Günüň dowamynda iş-aladalaryňyz, hysyrdylaryňyz ýeterlik bolar. Şonuň üçin agyz bekleýän seretanlara käbir işlerini ertire süýşürmek maslahat berilýär.

Eset (23.07 — 23.08)

Eset ýyldyzynyň astynda doglanlara bu gün şowly bolar. Yhlasly, tutanýerli zähmet çekýän esetler bu gün ähli maksatlaryna ýetip bilerler.

Sünbüle (24.08 — 23.09)

Bu gün sünbüleler agşamlyk maşgala saçagynda ýakyn-garyndaşlary bilen bilelikde naharlansalar gowy bolar. Bu olaryň arasyndaky gatnaşyklary berkider.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün ýyldyzyňyzyň size giň we geçirimli bolmagy maslahat berýär. Günüň dowamynda boljak wakalara janyňyzy ýakmaň. Iň soňunda ähli zat bolmalysy ýaly bolar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün ähli işe höwesli bolarsyňyz. Töweregiňizdäkileriň mylakaty, mähir-muhabbeti özüňizi bagtly duýmaga ýardam eder. Günüň üstünlik gazanmak mümkinçiligini sypdyrmazlyga çalşyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Kowuslar bu gün şübhe-gümandan uzakda bolup, ýagdaýlary bolşy ýaly kabul ederler. Bu bolsa olaryň özlerine bolan ynamyny iki esse artdyrar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün töweregiňizdäkileriň kömegine daýanyp täze üstünliklere ýetmegiňiz mümkin. Döredijilikli pikirleri öňe sürmek üçin bu gün size amatly pursatlary bagyş eder.

Daluw (21.01 — 20.02)

Günüň dowamynda töweregiňizdäki adamlaryň biri size uly goldaw berer. Bu gün jedelli meselelere goşulmasaňyz gowy bolar.

Hut (21.02 —20.03)

Hut ýyldyzynyň astynda doglanlar bu gün ähli başarnyklaryny güýje girizip, öz arzuwlaryna tarap öňe gitseler, şowlulyk ýaran bolar. Bu gün hutlaryň maksatlarynyň myrada gowuşýan güni bolmagy ahmal.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews