2-nji apreliň täleýnamasy

SalamNews

2 Aprel, 2024

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün ençeme wagt bäri sizi aladalandyrýan möhüm meselä çözgüt taparsyňyz. Şonuň üçin-de, günüň ikinji ýarymynda özüňizi juda rahat, asuda duýup bilersiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Sowurlar günüň dowamynda käbir ýagdaýlara düýpli göz ýetirerler. Gürleşip durkaňyz, size ýalan sözlän tanşyňyz öz sözünde tutular. Emma siz ony utandyrmaň. Şonsuzam ol eden işine öküner.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Özüňiz hakda köpräk pikirleniň. Durmuşyňyzda, maşgalaňyzda parahatçylygy gazanmak üçin eliňizden gelenini ediň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün başgalaryň pikirlerine eýerip iş etmäň. Ýyldyzlar size öz duýgularyňyza, akyl güýjüňize daýanyp hereket etmegi maslahat berýär.

Eset (23.07 — 23.08)

Bu gün täze taslamalaryňyzda üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna düşünersiňiz. Häzir durmuşyňyzda maksatlaryňyza ýetmek üçin ähli şertler bar, indi size diňe batyrlyk bilen işe başlaýmak galýar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu günki karýeraňyzda uly üstünlikler garaşýar. Täze iş tekliplerini almagyňyz mümkin. Şeýle bolsa-da, şahsy durmuşyňyzda düýpli üýtgeşmelere garaşmaň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu günki pikirleriňiz sizi gündelik işiňizden daşlaşdyrar. Özbaşyna taýýarlyksyz hereket etmekden saklanyň. Wagtyňyzy peýdaly zatlara sarp ediň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Siz şu wagt dogry ýolda. Muny özüňiz hem bilýärsiňiz. Size görübilmezçilik edýän adamlar bar. Olaryň gepine gidip, ýalňyş hereket etmekden saklanyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Daşyňyzdan sizi synlap ýörenler bar. Bu gün özüňizi has sowukganly, has parasatly alyp baryň. Pikirleriňize, aýdýan sözleriňize dykgat ediň.

Jedi (22.12 — 20.01)

Bu gün mylakatlylygy, mähirliligi ýörelge ediniň. Bu gylyk-häsiýet sizi töweregiňizdäkiler bilen gowy ysnyşdyrar. Köp gürlemek endiginiň adamlary samsyk görkezýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün maliýe meselelerini çözmek üçin iň amatly gündür. Durmuşdaky düzgünleri we çäklendirmeleri äsgermezlik etmäň.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün size has önjeýli işlemek maslahat berilýär. Çünki juda gysga wagtda ýerine ýetirilen ähli işler üçin sylaglanarsyňyz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews