16-njy apreliň täleýnamasy

SalamNews

16 Aprel, 2024

Hamal  (21.03 — 20.04)

Bu gün, Hamallar düýnki bolan wakalara dogry derňew etseler, ol oňat netije berip biler. Içki energiýaňyz tygşytlananda, beýle işi etmek has gowudyr. Meditasiýa we ýoga üçin gowy gün. ýitiren energiýaňyzy dikeltmegi başarmaly.

Sowur (21.04 — 20.05)

Bu gün Sowurlae güýjüni köň harçlap bilerler. Şeýle-de bolsa, ýakyn geljekde güýç-kuwwatyňyzy dikeltmek barada alada etmeli bolarsyň. Arkaýyn ýerde wagt geçirmek üçin gowy gün.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün Jöwzalar günuzyn pul meselesi bilen başagaý bolarlar. Belki, umumy garaýyşlardan tapawutlanýan pikiriňizi şu gün aýdyp bilersiňiz. Maliýe meseleleri boýunça ýygnak geçirmek üçin gowy gün.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün Seretanlara dynç almak hakda pikirlenmäge mümkinçilik berýän meýilnamalara ünsi jemlemeli. Belki, islegleriňizi ýokary ýolbaşçylar bellärler. Dostlaryňyz bilen ýygnanyşyp, bir ýerde oturyp, göwün açmak üçin gowy gün.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün Esetler mümkin boldugyça hyýallaryny we duýgurlygyny güýçlendirmeli. Belki, bu gün erbet ýagdaýa düşüp bilersiňiz, hiç ýerdenem kömek bolmaz. Käbirleri üçin çylşyrymly görünýän bilen tanyşmak we düşündirmek üçin gowy gün.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün Sünbüller mümkin boldugyça çalt ýerine ýetirmeli borçlaryny ýatda saklamalydyrlar. Belki, zähmetiňizi siziň ýolbaşçylaryňyz bellärler. Işe doly çümmek üçin gowy gün.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar köp adama maliýe pudagy bilen baglanyşykly zerur zatlary düşündirip bilerler. Belki, olar sizi diňlärler we bu ugurdaky bilimleriňize baha bererler. Dostlaryňyz we kärdeşleriňiz bilen birleşip, peýwagtyna agşam geçirmek üçin gowy gün.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün Akraplar hünär ussatlygyny görkezip bilerler. Belki, hünärmenligiňiz sizi wezipe basgançagyndan ýokary çykarar. Pikirleriňizi paýlaşmaýan adamlar bilen düşünişmek üçin amatly gün.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün Kowuslaryň söweşjeň ruhy her demsaýyn artar. Mümkin, işe hem edil şu häsiýetde başlamaly. Arzuwçyl bolmak üçin gowy gün. Siz hakyky arzuwçyl ahbeti!

Jedi (22.12 — 20.01)

Jediler bu gün birneme aladalanar. Ýagdaýyňyzyň erbetleşmeginiň öňüni almak üçin dynç almaly bolmagyňyz mümkin. Güýjüňizi dikeldip biljek dynç alyş, ýoga we meditasiýa bilen meşgullanmak üçin gowy gün.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün Daluwlarhem energiýa sarp eden güýçlerini, sarp edişleri ýaly dikeldibem bilerler. Islegleriňiziň we pikirleriňiziň hasyl bolmagy gaty ähtimal. Meýilnamalaşdyrmak, arzuw etmek, niýetleriňizi amala aşyrmagyň täze ýollaryny gözlemek üçin gowy gün.

Hut (21.02 —20.03)

Hutlar üçin bu gün özlerini tapdan düşen halda duýup bilerler. Özüňizi ele almak we gyssagly işe başlamak üçin wagt gerek bolup biler. Geljek dynç günlerine çenli size ýeterlik güýç berjek arassa howada dynç almak üçin gowy gün.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews